«Berkarar döwletiň ylham joşguny» atly döredijilik bäsleşigi yglan edildi!

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyny hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyny dabaralandyrmak, berkarar Watanymyzyň bedew batly ösüşlerini, ynsanperwerlik, dost-doganlyk ýörelgelerini ýaş nesilleriň arasynda giňden wagyz etmek, şeýle hem döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlary ýüze çykarmak, olary döredijilik dünýäsiniň ilkinji ädimlerine höweslendirmek maksady bilen, «Nesil» gazetiniň redaksiýasy Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilen bilelikde ýurdumyzyň döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlarynyň arasynda «Berkarar döwletiň ylham joşguny» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär.

Döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynda: «Biziň goşa buýsanjymyza — Garaşsyzlyk we Bitaraplyk düşünjelerine, mähriban Watanymyzyň ägirt uly üstünliklerine hem-de beýik ýeňişlerine bolan çäksiz söýginiň ýüregimizden hem ruhumyzdan joşup çykýan duýgulardygyny bellemek möhümdir. Bular bizi agzybirlik suprasynyň daşyna mäkäm birleşdirýän we has-da jebisleşdirýän düşünjelerdir» diýip belleýär. Şundan ugur alnyp yglan edilýän bäsleşigiň baş maksady Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent ösüşlerini, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň taryhy ähmiýetini döredijiligiň dürli ugurlarynda giňden wasp etmekden, zehinli ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny kämilleşdirmekden, olary döredijilik gözleglerine we üstünliklerine ruhlandyrmakdan ybaratdyr.

Döredijilik bäsleşigi goşgulary, poemalary, hekaýalary we oýlanmalary ýazmak boýunça geçirilýär. Oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda alnyp barylýan beýik işleri, Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikleri we ýetilen belent sepgitleri, watansöýüjiligi, milli buýsanjymyz bolan ahalteke bedewleriniň şöhratly taryhyny, dost-doganlygy wasp edýän, şeýle-de erkin temalar boýunça taýýarlan döredijilik eserlerini 2026-njy ýylyň 1-nji maýyna çenli bäsleşige hödürläp bilerler.

Bäsleşige gatnaşyjylar öz işlerini «Berkarar döwletiň ylham joşguny» diýen ýazgy bilen hödürläp, ýanyna özleri baradaky maglumatlary (maglumatnama, pasportynyň nusgasy, 2 sany 3×4 ölçegdäki fotosuraty, ýaşaýan ýeriniň anyk salgysy, telefon belgisi) goşmalydyrlar.

Bäsleşige hödürlenen işleriň iň gowularyny saýlap-seçmek üçin guramaçylar tarapyndan eminler topary döredilýär.

Bäsleşigiň jemleri 2026-njy ýylyň maý aýynda jemlener. Ýeňijilere Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar, şeýle-de tapawutlanan işler üçin höweslendiriji baýraklar dabaraly ýagdaýda gowşurylar.

Bäsleşige ýaşy 35-e çenli bolan ýaşlar gatnaşyp bilerler.

Bäsleşige hödürlenýän işleri şu salga ibermeli:

Aşgabat şäheri, 744604, Garaşsyzlyk şaýoly, Erkin döredijilik mekany, «Nesil» gazetiniň redaksiýasy.

E-mail: nesil-gazeti@sanly.tm

Habarlaşmak üçin telefon belgiler: «Nesil» gazetiniň redaksiýasy: 39-95-27, 39-96-35.Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi: 44-88-55.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok