Fiziki işjeňlik — sagdyn durmuşyň binýady

Häzirki döwürde sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmek jemgyýetiň durnukly ösüşiniň möhüm şertleriniň biridir. Fiziki işjeňlik adam saglygyny goramagyň we berkidmegiň iň täsirli serişdeleriniň hatarynda durýar. Yzygiderli hereket etmek gan aýlanyşyny gowulandyrýar, ýürek-damar ulgamynyň işini kadalaşdyrýar hem-de bedeniň umumy kuwwatlylygyny artdyrýar.

Fiziki işjeňlik diňe bir bedeni däl, eýsem adam ruhy ýagdaýyny hem oňyn üýtgedýär. Sport bilen meşgullanmak stressi peseldýär, ukynyň hilini gowulandyrýar we psihologik durnuklylygy üpjün edýär. Alymlaryň bellemegine görä, günde azyndan 30 minutlyk hereketli maşklar adam saglygynyň saklanmagyna we köp sanly keselleriň öňüni almaga ýardam berýär.

Şonuň üçin-de ýaşyna we mümkinçiliklerine garamazdan, her bir adam gündelik durmuşynda fiziki işjeňlige aýratyn üns bermelidir. Pyýada ýöremek, ýeňil türgenleşikler, sport oýunlary — bularyň hemmesi sagdyn geljegiň ygtybarly binýadydyr. Fiziki taýdan işjeň jemgyýet bolsa, kuwwatly we abadançylygyň kepilidir.

Baýramgül BAÝRAMOWA,
Halkara senagatçylar we telekeçiler
uniwersitetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok