Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim we energetika ulgamlary täze belentliklere çykýar. Halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek we ýokary hünärli ýaşlary kemala getirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.
Şu babatda 2025-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda — Bilimler we talyp ýaşlar gününde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň döwrebap okuw binasyndan, umumy ýaşaýyş jaýyndan we sport toplumyndan ybarat täze binalar toplumynyň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berilmegi taryhy waka boldy. Bu dabaralaryň dowamynda institutyň halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýan möhüm resminamalara gol çekildi.
Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän hem-de Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti (GIZ) tarapyndan durmuşa geçirilýän «Türkmenistanyň ýaşyl ösüşi üçin Ýewropa Bileleşigi: 2024–2028-nji ýyllar üçin syýasy dialog we howanyň üýtgemegi boýunça hereketler» taslamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen Germaniýanyň Martin Lýuter adyndaky Galle-Wittenberg uniwersitetiniň we Klaustaýl Tehnologiýa uniwersitetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnamalar baglaşyldy.
Bu hyzmatdaşlygyň ilkinji netijesi hökmünde 2025-nji ýylyň sentýabr aýynyň 2–5-i aralygynda «Durnukly energiýa ulgamlary: gaýtadan dikeldilýän tehnologiýalaryň esaslary we ulanylyşy» atly okuw seminary geçirildi. Halkara bilermenleriň gatnaşmagynda guralan bu okuwlar professor-mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň öňdebaryjy tejribeleri özleşdirmegine, ylmy barlaglaryň derejesini ýokarlandyrmagyna uly itergi berdi.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen 2026-njy ýyl hem şol hyzmatdaşlygyň täze tapgyry bilen başlady. 2026-njy ýylyň ýanwar aýynyň 12-sine Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda abraýly nemes ýokary okuw mekdepleriniň professorlarynyň gatnaşmagynda nobatdaky möhüm okuw seminaryna badalga berildi. 2026-njy ýylyň 16-njy ýanwaryna çenli dowam etjek bu halkara çäräniň barşynda ösen bilim usullaryny okuw işine giňden ornaşdyrmaga, professor-mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň halkara hünär derejesini ýokarlandyrmaga hem-de özara tejribe alyşmaga aýratyn üns berlip, seminaryň ahyrynda oňa gatnaşyjylara halkara derejeli degişli şahadatnamalar gowşurylar. Uniwersitetleriň tehniki ylymlar boýunça şeýle ýöriteleşen hyzmatdaşlygy senagatyň durnukly ösüşine, «ýaşyl» tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylmagyna we ýurdumyzyň energetika kuwwatynyň berkemegine uly goşant goşýar. Bu bolsa, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bilim we ylym ulgamynda amala aşyrýan beýik özgertmeleriniň aýdyň miwesidir. Okuw seminaryna gatnaşyjylar döredilýän ähli mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýdýarlar
Ataş GANDYMOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.
Teswirler