Berkarar döwletiň täze eýýamynda ýurdumyzda ýaşlaryň bilimine, döredijiligine we innowasion pikirlenişine aýratyn ähmiýet berilýär. Taslama bäsleşikleri, ders olimpiýadalary we ylmy ýaryşlar ýaşlaryň mümkinçiliklerini açyp görkezýän, olaryň geljekki ýoluny kesgitleýän möhüm mekdebe öwrüldi. 2025-nji ýyl hut şu ugurda üstünliklere baý bolup, ýaşlaryň gazanan ýeňişleri diňe bir şahsy üstünlik däl, eýsem döwletimiziň ösüş syýasatynyň netijeliliginiň aýdyň beýany boldy. Bu üstünlikler 2026-njy ýylda has-da ýokary sepgitlere ýetmegiň mümkinçiliginiň bardygyna bolan ynamy berkidýär.
Ýurdumyzda geçirilýän döwlet derejesindäki bäsleşikler ýaşlaryň diňe akademiki bilimini däl, eýsem analitiki pikirlenişini, döredijilikli çemeleşmesini hem-de jemgyýetçilik jogapkärçiligini açyp görkezýär. Hususan-da, ykdysadyýet ugry boýunça 2025-nji ýylda guralan döwlet bäsleşigi ýaşlaryň häzirki zaman ykdysady meseleleri seljermekde, teoretiki bilimleri amaly çözgütler bilen utgaşdyrmakda ýokary taýýarlyk derejesine eýedigini görkezdi. Bu bäsleşikde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplarynyň gazanan üstünlikleri aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.
Orazmyradow Ysmaýyl we Rejepowa Aýnur birinji orna, Abaýew Daýanç bolsa ikinji orna mynasyp bolup, özleriniň ýokary zehinini, zähmetsöýerligini we ygrarlylygyny aýdyň görkezdiler. Gazanylan bu üstünlikler ýaşlaryň häzirki döwürde hem, geljekde hem milli ykdysadyýeti ösdürmäge ukyply güýçdigini tassyklaýar. Şeýle hem bu ýeňişler ýokary okuw jaýlarynda berilýän bilimleriň döwrebap talaplara laýyk gelýändigini we ýaşlaryň şol bilimleri döredijilikli ulanmagy başarýandygyny görkezýär.
Taslama bäsleşikleri we olimpiýadalar ýaşlar üçin özüni görkezmegiň, täze ideýalary öňe sürmegiň hem-de geljekki hünär ýoluny kesgitlemegiň ähmiýetli meýdançasydyr. Şeýle çäreler ýaşlaryň özüne bolan ynamyny artdyrýar, olaryň jemgyýetde işjeň orny eýelemegine, döwlet we jemgyýet bähbitli başlangyçlara gatnaşmagyna itergi berýär. Şu ýol bilen ýaş nesil diňe bilim alýan däl, eýsem ösüşi döredýän güýç hökmünde kemala gelýär.
Bu üstünlikleriň esasy binýady döwlet tarapyndan ýaşlara döredilýän giň mümkinçiliklerdir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlara bildirýän ynamy, olaryň bilim almagyna, halkara derejesinde bäsdeşlige ukyply bolmagyna we zehinini doly açmagyna gönükdirilen syýasaty ýaşlaryň ruhuny belende göterýär. Ýaşlar ýurdumyzyň geljeginiň eýeleri hökmünde görülýär, olaryň her bir gazanan üstünligi döwletimiziň ertirki gününe goýlan berk binýat hökmünde baha berilýär.
Bibihajar KERIMOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.
Teswirler