Jemgyýetiň durnukly ösüşi we milli bitewüligi diňe hukuk ýa-da ykdysady görkezijiler bilen ölçelmeýär. Bu düşünjeler zenanlaryň jemgyýetdäki orny, olaryň döredijilikli we işjeň gatnaşmagy bilen hem berk baglanyşyklydyr. Gyz-gelinler jemgyýetiň ösüşinde möhüm döredijilik güýji bolup, maşgala gatnaşyklaryndan başlap, jemgyýetçilik, medeni we ykdysady ulgamlara çenli bitewüligiň hem-de dowamlylygyň esasy sütünleriniň biri hökmünde çykyş edýärler.
Gyz-gelinleriň bilimde, ylymda, döredijilikde, işjeň jemgyýetçilik taslamalarynda alyp barýan işi milli birligiň nyşany bolup hyzmat edýär. Zenanlaryň döredijilikli başlangyçlary jemgyýetde innowasion pikirlenişi höweslendirýär, ýaş nesli kämilleşdirýär we milli mirasy gorap saklamaga ýardam berýär. Gyz-gelinleriň ykdysadyýetdäki orny hem uly ähmiýete eýedir.
Zenanlaryň jemgyýetdäki döredijilikli roly medeni we sosial ulgamda hem aýdyň görünýär. Olar döredijilikli taslamalar bilen jemgyýetçilik çärelerini ösdürýär, medeniýetimizi ösdürmäge we halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryny nesillere ýetirmäge möhüm goşant goşýarlar. Şeýle gatnaşyklaryň netijesinde jemgyýetde bitewülik we ösüş aýratyn ähmiýetli häsiýet hökmünde saklanyp galýar.
Gyz-gelinleriň bilim we ylmy taýdan işjeňligi milli durnuklylygyň möhüm binýatlarynyň biridir. Olar ýokary okuw jaýlarynda, ylmy barlag merkezlerinde täze ideýalary işjeň ornaşdyryp, milli ykdysadyýetiň we jemgyýetiň innowasion mümkinçiliklerini artdyrýarlar. Bu ýagdaý geljegiň durnukly bolmagyna we milli bitewüligiň täze nesillerde dowam etmegine hyzmat edýär.
Türkmen zenanlarynyň jemgyýetdäki orny tutuş milletimiziň bitewüligi we ösüşi üçin möhüm şertdir. Gyz-gelinler milli mirasy gorap saklamagyň, jemgyýetiň innowasion kuwwatyny ösdürmegiň we durmuş durnuklylygyny üpjün etmegiň nyşanydyr. Hormatly Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň syýasaty zenanlaryň döredijilikli mümkinçiliklerini doly ulanmagy goldaýar, şeýlelikde geljek nesiller üçin milli bitewülik we dowamlylyk berk binýatly bolmagyny üpjün edýär.
Bibihajar KERIMOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.
Teswirler