TDEI – innowasiýa, bilim we ýaşlar üstünlikleriniň binýady

Berkarar döwletiň täze eýýamynda ýurdumyzyň ähli ugurlarynda gazanylýan üstünlikleriň özeninde bilimli, döredijilikli we maksada okgunly ýaşlar durýar. Hormatly Arkadagymyzyň başyny başlan we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli dowam etdirýän döwlet syýasatynda ýaşlara aýratyn orun berilýär. Hut şu ynamyň we döredilýän giň mümkinçilikleriň netijesinde ýurdumyzda geçirilýän taslama bäsleşikleri, ders olimpiýadalary hem-de ylmy-startap forumlary ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezýän möhüm meýdança öwrüldi.

2025-nji ýyl ýurdumyz üçin üstünliklere baý ýyllaryň biri hökmünde taryha girdi. Ylmy-bilim ulgamynda, aýratyn-da ykdysadyýet, energetika we emeli aň ýaly möhüm ugurlarda talyplaryň gazanan netijeleri munuň aýdyň subutnamasydyr. Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty häzirki zaman bilim ülňülerine laýyklykda, ylmy-tehniki ösüşe gönükdirilen ýokary hünärli işgärleri taýýarlamakda öňdebaryjy okuw mekdepleriniň biridir. Institutda energetika, ykdysadyýet, maglumat tehnologiýalary we emeli aň ýaly geljegi uly ugurlar boýunça teoriýa bilen amalyýeti utgaşdyrýan okuw sistemasy üstünlikli ornaşdyrylýar. Talyplar diňe bir okuw sapaklarynda däl, eýsem ylmy-barlag işlerinde, halkara taslamalarda we startap başlangyçlarynda hem işjeň gatnaşýarlar we baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar.

Soňky ýyllarda energetika ulgamynda emeli aň tehnologiýalarynyň ulanylyşy aýratyn ähmiýete eýe boldy. Energiýa öndürilişini optimizasiýa etmek, sarp edilişi öňünden çaklamak, alternatiw energiýa çeşmelerini dolandyrmak ýaly meselelerde emeli aňyň mümkinçilikleri giňden öwrenilýär. Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda bu ugurda alnyp barylýan ylmy işler talyplaryň dünýä tejribesi bilen deňeşdirip pikirlenmegine, innowasion çözgütleri döretmegine şert döredýär.

Institutdaky Ykdysadyýet kafedrasy hem aýratyn bellärliklidir. Bu kafedrada häzirki zaman ykdysady düşünjeleri, sanly ykdysadyýet, energetika ykdysadyýeti we durnukly ösüş ýaly ugurlar çuňňur öwredilýär. Halkara ylmy-startap taslamalaryna gatnaşmak hem institut talyplarynyň möhüm üstünlikleriniň biridir. Bu taslamalar talyplara dünýä ylmy giňişligine çykmaga, daşary ýurt tejribesini öwrenmäge we öz pikirlerini halkara derejesinde beýan etmäge mümkinçilik berýär. Şeýle mümkinçilikleriň döredilmegi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlara bildirýän çäksiz ynamynyň aýdyň beýanydyr. Ýurdumyzda döredilýän giň şertler, bilim ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi we ýaşlara berilýän döwlet goldawy geljekde has uly üstünlikleriň gazanylmagyna ýol açýar. Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bolsa bu ösüşleriň merkezinde durup, Watanymyzyň energetika, ykdysadyýet we innowasiýa taýdan kuwwatlanmagyna mynasyp goşant goşmagy dowam etdirer.

Tawus EÝEBERDIÝEWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok