Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ýaş nesliň dünýä ülňülerine laýyk bilim almagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Ýaşlaryň döwrebap bilim almagyna, ylym we döredijilik bilen meşgullanmagyna, halkara we milli bäsleşiklere gatnaşmagyna ähli şertler üpjün edilýär.
Hormatly Prezidentimiziň aýratyn ýardam bermegi bilen, döwrebap enjamlaşdyrylan umumybilim berýän okuw mekdeplerimizde ýaş nesle döwrüň ösen talaplaryna laýyk bilim berilýär. Bilim ulgamynda alnyp barylýan giň gerimli işler öz oňyn netijesini berýär. Türkmen ýaşlarynyň halkara bilim bäsleşiklerinde gazanýan üstünlikleri ýyl-ýyldan artýar.
2025-nji ýylyň 30-njy dekabrynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň mejlisler zalynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli dabaraly sylaglama çäresi geçirildi. Çärede halkara ders bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, hemişelik Bitarap Watanymyzyň abraýyny dünýä derejesinde dabaralandyran umumybilim berýän mekdepleriň okuwçylary, ýokary okuw mekdepleriniň talyplary hem-de olary bu bäsleşiklere taýýarlan ussat mugallymlar sylaglandy.
Halkara ders bäsleşiklerinde baýrakly orunlara mynasyp bolan okuwçylara, talyplara we mugallymlara Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Hormat hatlary hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Sylaga mynasyp bolanlar ýaşlar, halypa mugallymlar buýsançly ýürek sözlerini aýdyp, okamaga, hünär öwrenmäge, işlemäge giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa çäksiz alkyş aýtdylar.
Bibihajar KERIMOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.
Teswirler