Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetine 190 sany kitap we okuw gollanmalaryny sowgat berdi.
Sowgat gowşuryş dabarasy uniwersitetde geçirilip, oňa HHR-niň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Szi Şumin gatnaşdy. Çäräniň dowamynda Hytaýa bagyşlanan wideoşekiller görkezildi, şeýle hem talyplar tarapyndan hytaý dilinde goşgular okaldy.
Duşuşykda diplomat talyplaryň Hytaý we Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky akademiki alyş-çalyş maksatnamalary, şeýle HHR-de magistrlyk we doktorlyk okuwlaryna girmek mümkinçilikleri baradaky soraglaryna jogap berdi.
Duşuşygyň jemleri boýunça taraplar bilim ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny bildirdiler diýip, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti habar berýär.
Döwletgeldi BADAGLYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.
Teswirler