Häzirki wagtda maliýe bazaryndaky amallaryň sanlylaşdyrylmagy bazaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrýar we birnäçe möhüm ulgam arkaly amala aşyrylýar. Onlaýn söwda platformalary maýa goýujylara paýnamalary, obligasiýalary we beýleki maliýe gurallaryny satyn almak we satmak üçin amatly interfeýsler berýär. Elektron alyş-çalyş ulgamlary gymmatly kagyzlary satyn almak isleýänleri we satýanlary birleşdirýär hem-de söwdanyň yzygiderli alnyp barylmagyna mümkinçilik döredýär. Arassalaýyş we hasaplaşyk nokatlary bolsa serişdeleriň we gymmatly kagyzlaryň wagtynda we takyk çalşylmagyny üpjün edip, araçy hökmünde hyzmat edýärler.
Sanly ulgamlaryň ornaşdyrylmagy maýa goýujy üçin sargyt berlen pursatdan başlap, çylşyrymly infrastrukturada ähli amallaryň kadaly ýerine ýetirilmegini üpjün edýär. Maliýe ulgamynyň sanlaşdyrylmagy birnäçe möhüm peýdalary döredýär: awtomatlaşdyryş zähmeti azaldýar, çykdajylary arzanladýar, işleriň tizligini we netijeliligini ýokarlandyrýar we maliýe bazaryna giňden elýeterliligi üpjün edýär.
Şeýle-de bolsa, sanlylaşdyrmak käbir kynçylyklary hem getirýär. Kiberhowpsuzlyk howplary maliýe maglumatlarynyň goragyny talap edýär, tehniki näsazlyklar ýa-da bökdençlikler bolsa söwda işjeňliginiň bozulmagyna sebäp bolup biler.
Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet edaralaryny sanly ulgama geçirmegiň ösüşiniň geljegi resminama dolanyşygynyň hem-de hasabatlylygyny, ygtybarlylygyny üpjün edýän bilelikdäki maksatnamalary we sanly çözgütleri işläp taýýarlamak hem-de ulanmak bilen baglanyşyklydyr. Öňdebaryjy tehnologiýalaryň görnüşlerini giňeltmek göz öňünde tutulýar. Şolar ykdysady işiň netijeliligini ep-esli ýokarlandyrar.
Döwletmyrat AMANNAZAROW,
Türkmen döwlet maliýe
institutynyň mugallymy.
Teswirler