Matematika — ösüşiň we tehnologiýanyň binýady

Matematika adamzat siwilizasiýasynyň ösüşinde aýratyn ähmiýete eýe bolan iň gadymy hem-de iň möhüm ylymlaryň biridir. Bu ylmyň mazmuny diňe sanlar we hasaplamalar bilen çäklenmän, pikirlenmegiň, logiki seljermäniň we ylmy çemeleşmegiň esaslaryny emele getirýär. Häzirki wagtda matematika beýleki ähli ylymlaryň, häzirki zaman tehnologiýalarynyň we ykdysady ösüşiň berk binýady bolup çykyş edýär.

Matematika ylmynyň döreýşi gadymy Müsür, Wawilon, Hindistan, Hytaý we Grek siwilizasiýalary bilen baglanyşyklydyr. Ilkinji matematiki düşünjeler hasaplamak, ölçemek, ýer paýlamak hem-de wagty kesgitlemek zerurlygyndan ýüze çykypdyr. Gadymy grek alymlary Eýklid, Pifagor, Arhimed ýaly beýik akyldarlar matematika ylmynyň nazary esaslaryny döredipdirler.

Orta asyrlarda musulman alymlary algebra, trigonometriýa we san teoriýasy ýaly ugurlaryň ösüşine möhüm goşant goşupdyrlar. Al-Horezmi tarapyndan algebra düşünjesiniň ylma girizilmegi matematika taryhynda möhüm tapgyr boldy. Täze we häzirki zaman döwürlerinde bolsa matematika fizika, inženerçilik we informatika bilen ýakyn arabaglanyşykda ösüp, ylmy ösüşiň hereketlendiriji güýjüne öwrüldi.

Matematika birnäçe esasy bölümlerden ybaratdyr. Arifmetika sanlar we olaryň hasaplamalary bilen meşgullanýar, algebra deňlemeleri, funksiýalary we abstrakt gurluşlary öwrenýär, geometriýa giňişligi we şekilleriň häsiýetlerini seljerýär. Trigonometriýa burçlar bilen bagly kanunalaýyklyklary öwrenýän ylym bolup, matematiki analiz üýtgeýän ululyklar, limitler we integrallar bilen baglanyşyklydyr. Şeýle hem matematiki statistika we ähtimallyk teoriýasy maglumatlary seljermekde möhüm orny eýeleýär. Bu ugurlar häzirki wagtda biri-biri bilen baglanyşykda ösüp, täze ylmy ugurlaryň döremegine ýol açýar.

Bilim ulgamynda matematika ýaş nesliň akyl-paýhasynyň kemala gelmeginde aýratyn orun eýeleýär. Bu ders okuwçylaryň logiki pikirlenmesini, sabyrlylygyny we döredijilik ukyplaryny ösdürmäge ýardam edýär. Häzirki wagtda matematika dersini okatmakda sanly platformalar, interaktiw usullar we häzirki zaman pedagogik tehnologiýalar giňden ulanylýar.

Hekimberdi PYGYÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok