Sagdyn durmuş ýörelgesi boýunça wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

2025-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda “Sagdyn durmuş ýörelgesi – ruhubelentligiň we döredijiligiň çeşmesi” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň üznüksiz aladalary esasynda saglygy goraýyş ulgamynyň ýeten sepgitleri we ýaş nesli beden taýdan sagdyn ýetişdirmek barada birnäçe çykyşlar diňlenildi.

Duşuşykda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň üznüksiz aladalary esasynda saglygy goraýyş ulgamynyň ýeten sepgitleri we ýaş nesli beden taýdan sagdyn ýetişdirmek barada birnäçe çykyşlar diňlenildi. Şeýle-de çärede Gahryman Arkadagymyzyň “Sport dostluga, saglyga we gözellige tarap ýoldur” atly kitabyndan ugur alnyp taýýarlanan çykyşlar diňlenildi.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Bibihajar KERIMOWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok