«Bitaraplyk doganlyk-dostluk ýörelgesidir» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi

2025-nji ýylyň 8-nji dekabrynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan «Bitaraplyk doganlyk-dostluk ýörelgesidir» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahata professor-mugallymlar, ylmy işgärler, aspirantlar, önümçilikde işleýän hünärmenler hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Maslahatyň işi ilki bilen umumy mejlisde açyldy. Soňra ylmy-amaly maslahat 5 aýratyn bölümçede dowam edip, dürli ugurlarda taýýarlanan ylmy işlere garaldy. Bu maslahatyň çäginde 110-dan gowrak ylmy çykyş diňlenilip, Bitaraplygyň parahatçylyk, hyzmatdaşlyk we dostluk ýörelgelerini ösdürmekdäki uly ähmiýeti giňden ara alnyp maslahatlaşyldy.

Soňra bolsa institutyň “Kuwwat” aýdym-saz toparynyň çeper höwesjeň talyp ýaşlarynyň ýerine ýetirmeklerinde Watanymyzy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy wasp edýän birnäçe aýdymlara tomaşa edildi.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Bibihajar KERIMOWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok