Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň barşynda, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ýurduň ilatynyň Halkara Bitaraplyk gününi dabaraly belläp geçmegi we oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti resminama gol çekdi.
Resminama laýyklykda, 2025-nji ýylyň 11 – 13-nji dekabry iş güni däl diýlip yglan edildi. Türkmenistanyň Prezidenti Permanyň ýerine ýetirilmegini, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralaryň, kärhanalaryň we guramalaryň üpjün etmelidigi belledi.
Teswirler