Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň uzakdan görüjilikli syýasaty netijesinde ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny döwrebap ösdürmek babatda giň göwrümli işler durmuşa geçirilýär. Döwlet tarapyndan bu ugruň maddy-enjamlaýyn binýadyny güýçlendirmäge uly möçberde serişdeler goýberilýär. Täze-täze çagalar baglary, umumy orta, ýöriteleşdirilen we ýokary okuw mekdepleri gurlup, häzirki zaman talaplaryna laýyk enjamlar, kompýuter ulgamlary hem-de okuw üçin ähli zerur şertler bilen üpjün edilýär. Bu tagallalar ýurdumyzyň her bir raýatynyň ruhy taýdan ösüşine, döwrebap bilim we terbiýe almagyna giň mümkinçilikleri döredýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 55-nji maddasynda her bir adamyň bilim almaga hukugynyň berk berjaý edilýändigi hem munuň aýdyň subutnamasydyr.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyjy bilen ýaşlaryň ýaşaýyş we bilim mümkinçiliklerini giňeldýän milli kanunçylyk binýady döredildi. “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi, şeýle hem “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021—2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň” tassyklanylmagy ýaşlaryň hukuklarynyň, azatlyklarynyň we durmuş goraglylygynyň döwlet derejesinde üpjün edilýändigini görkezýär. Bu resminamalaryň kabul edilmegi ýaşlaryň jemgyýetçilik-syýasy, ykdysady we medeni durmuşa işjeň gatnaşmaklaryna, ruhy-ahlak taýdan kämilleşmeklerine, watançylyk we ynsanperwerlik ruhunda terbiýelenmeklerine möhüm itergi berdi.
Täze taryhy eýýamda ýurdumyzda ýaşlaryň beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan päk, dünýä görüşi giň hem-de hünärli nesil bolup ýetişmegi üçin ähli şertler döredilýär. “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakyndaky” Kanun ýaşlara diňe bir okamak we terbiýe almak däl, eýsem, kesp-kär edinmek, maşgala gurmak, ylym-bilim ulgamynda işjeňleşmek, telekeçilik işine girişmek ýaly mümkinçilikleri hem kepillendirýär. Her bir ynsanyň bilim almak, özeni ösdürmek we hünärli bolmak islegi üçin döredilen amatly şertler ýaşlara uly ýol açýar.
Ýurduň geljegini ösdürmekde ýaşlaryň ylmy tejribesiniň we täze garaýyşlarynyň möhüm orun eýeleýändigi bellidir. Hut şonuň üçin hem, ýurdumyzda ylmy işleri ilerletmek, ýaş alymlaryň täze açyşlar etmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Ylma daýanyp alnyp barylýan işler ykdysadyýetiň hem-de jemgyýetiň ösüş köklerini has-da berkitýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňde baryjy göreldesi ýaşlar üçin uly ruhy güýçdür. Onuň göreldesi ýaşlary beden taýdan kämilleşmäge, ynamyny we erk-islegini berkitmäge, her bir kynçylygy ýeňip geçmäge hem-de täze başlangyçlara ösdürýär. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaş nesle gönükdirýän parasatly tagallalary ýurdumyzyň nurana geljeginiň berk binýadydyr.
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Il-ýurt bähbitli başlangyçlary, umumadamzat ähmiýetli işleriniň rowaçlyga beslenmegini arzuw edýäris!
Göwher YMMADOWA,
Aşgabat şäheriniň 78-nji ýöriteleşdirilen
orta mekdebiniň mugallymy.
Teswirler