Türkmenistanyň daşary syýasatynyň baş maksady — parahatçylykly ösüşi gazanmakdyr

Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy aýratynlyklarynyň biri — oňa halkara derejesinde giňden ykrar edilen Hemişelik Bitaraplyk derejesiniň ýolbelet bolmagydyr. Bu ýörelge ýurdumyzyň global proseslere gatnaşygyny açyk, emma meýletin hem-de deň derejeli hyzmatdaşlyk derejesinde alyp barýandygyny görkezýär. BMG-niň Baş Assambleýasynyň iki gezek — 1995-nji we 2015-nji ýyllarda — Türkmenistanyň Bitaraplygyny goldaýan ýörite Rezolýusiýa kabul etmegi ýurdumyzyň halkara abraýynyň ýokarydygyny subut edýär.

Dünýä döwletleriniň öňünde duran esasy wezipeleriň biri diňe ykdysady taýdan ösüş gazanmak däl, eýsem ony howpsuzlyk bilen sazlaşykly alyp gitmekdir. Türkmenistan şu nukdaýnazardan birnäçe möhüm başlangyçlar bilen çykyş edýär. Energiýa howpsuzlygy, durnukly ulag ulgamlaryny döretmek, ekologiýa meseleleri, suw serişdeleri boýunça halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek ýaly maksatnamalar ýurdumyzyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Bu başlangyçlar diňe bir sebitiň däl, tutuş dünýäniň abadançylygyna gönükdirilendir.

Ýurdumyzyň diplomatik gatnaşyklary geografik taýdan giň çägi öz içine alýar. Merkezi Aziýa döwletleri bilen goňşuçylyk gatnaşyklary hyzmatdaşlygyň has hem pugtalanmagyna ýardam berýär. Şeýle hem Ýewropa Bileleşigi, Ýewropa ýurtlary, Aziýa döwletleri, Ykdysady hyzmatdaşlyk guramalary bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň strategik we uzak möhletli ugry bolup durýar. Bu hyzmatdaşlygyň dowamlylygyny üpjün edýän baş ýörelge bolsa birek-birege ynanyşmakdyr.

Soňky ýyllarda Türkmenistan halkara gatnaşyklarynda ykdysady diplomatiýanyň mümkinçiliklerini giňden ulanyp başlady. Energetika, senagat, ulag-logistika ulgamlary, sanly tehnologiýalar we ýaşyl ykdysadyýet ýaly ugurlarda utgaşykly taslamalar alnyp barylýar. Türkmenistanyň üstaşyr mümkinçilikleriniň artmagy diňe bir ýurduň ykdysady ösüşine däl, eýsem sebitde durnukly ösüşiň üpjün edilmegine hem öz täsirini ýetirýär.

Daşary syýasatyň ynsanperwer ugry hem aýratyn üns merkezinde durýar. Türkmenistan halkara guramalary bilen hyzmatdaşlykda bilim, sport, saglygy goraýyş, bilim-tehnologik ýaly ugurlarda möhüm başlangyçlary amala aşyrýar. Aýratyn hem ynsanperwer gatnaşyklary güýçlendirmek maksady bilen geçirilýän halkara forumlar, maslahatlar we döredijilik duşuşyklary ýurtlaryň arasynda jebisligi artdyrmaga gönükdirilendir.

Umuman ýurdumyzyň daşary syýasatynyň baş maksady — parahatçylykda we ösüşde özara peýdaly gatnaşyklary berkitmekdir. Bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijesinde döwletimiz dünýä bileleşiginiň abraýly we strategik taýdan möhüm hyzmatdaşyna öwrülýär.

Humaý Hallyýewa,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Comments

No comments found.