2025-nji ýylyň 18–20-nji noýabry aralygynda Maliýe ministriniň orunbasary B. Ýalakowyň hem-de Döwlet Gümrük gullugynyň başlygynyň orunbasary M. Muhammedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Bişkekde geçirilen CAREC 2025 işewürlik forumyna we «Ýaşyl we sanly CAREC» atly 24-nji ministrler maslahatyna gatnaşdy.
Maslahatda türkmen wekilleri sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek, durnukly ösüşi üpjün etmek we sanly ulgamy döwrebaplaşdyrmak boýunça Türkmenistanyň ygrarlylygyny beýan etdiler. Forumyň mowzugynyň ekologiýa durnuklylygyny we döwrebap tehnologik çözgütleri durmuşa geçirmekde toplumlaýyn çemeleşmäniň zerurdygyny görkezýändigi nygtaldy.
Türkmenistan ulag, söwda, sanly we durmuş pudaklarynda hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny öz içine alýan CAREC-iň täze strategiýasyny goldady. Şeýle hem milli infrastruktura, sanly hyzmatlar, gümrük dolandyryşy we saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berildi.
Maslahatyň netijesinde CAREC-iň sanly geçelgesini döretmek baradaky Ähtnama we söwdany ýeňilleşdirmek hem-de maýa goýumlary üçin şertleri döretmek boýunça CARTIF hyzmatdaşlyk ylalaşygy boýunça gepleşikleriň başlanandygy baradaky Bişkek ministrler jarnamasyna gol çekildi.
Ogulmaýsa ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Teswirler