Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasyna döwlet sapary bilen bardy

Şu gün hormatly Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Gazagystan Respublikasyna bardy. Türkmenistanyň Prezidenti 2022-nji ýylyň oktýabrynda hem bu dostlukly ýurda döwlet saparyny amala aşyrypdy.

Saparyň maksatnamasyna laýyklykda, ertir ýokary derejeli türkmen-gazak gepleşikleriniň geçirilmegine garaşylýar. Onuň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekiler.

Ýeri gelende bellesek, şu ýylyň oktýabrynda Türkmenistanyň we Gazagystanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 33 ýyl doldy. Şu geçen döwrüň dowamynda türkmen-gazak hyzmatdaşlygy dürli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürildi. Ýokary döwlet derejesinde işjeň syýasy gatnaşyklar alnyp barylýar, ýurtlarymyz BMG-niň, beýleki abraýly halkara guramalaryň çäklerinde birek-biregiň başlangyçlaryny goldap çykyş edýärler.

Şu gezekki sapar ýylyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň doganlyk ýurda amala aşyrýan saparlarynyň üçünjisidir. Ozal döwlet Baştutanymyz şu ýylyň maý-iýun aýlarynda Astanada geçirilen «Merkezi Aziýa — Italiýa» we «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitlerine gatnaşypdy. Nobatdaky döwlet sapary bolsa köpugurly strategik hyzmatdaşlyga hil taýdan täze itergi bermäge ýardam eder.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok