Türkmenistan dünýäde goýun we geçi etini iň köp sarp edýän ýurtlaryň hataryna girdi

BMG-niň Azyk we oba hojalygy guramasynyň (FAO) maglumatlaryna görä, Türkmenistan goýun we geçi etini adam başyna sarp etmek boýunça dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň biri hasaplanýar. Soňky Statistika maglumatlaryna laýyklykda, ýurt her adama ýylda 20,3 kilogram sarp etmek bilen dördünji ýerde ýerleşdi.

Bu netije Türkmenistanda goýundarçylyk pudagynyň we goýun etiniň milli aşhanada aýratyn orun eýeleýändigini görkezýär. Ownuk şahly mallaryň etleri milli tagamlarda giňden ulanylýar hem-de halkyň iýmitleniş medeniýetiniň möhüm bölegini emele getirýär.

BMG-niň Azyk we oba hojalygy guramasynyň (FAO) maglumatlaryna görä, dünýäde goýun we geçi etini iň köp sarp edýän ýurtlar şulardyr:

• Mongoliýa — 68,5 kg,
• Bahreýn — 23,4 kg,
• Täze Kaledoniýa — 21,9 kg,
• Türkmenistan — 20,3 kg,
• Çad — 19,0 kg.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok