Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda 2025-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň, aspirantlarynyň, doktorantlarynyň, magistrleriniň, şeýle hem ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ylmy edaralarynyň, kompaniýalarynyň hünärmenleriniň gatnaşmaklarynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” dabaraly bellenilýän gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli Gurluşyk we senagat toplumynyň ylmy-innowasion ösüşi – bagtyýar geljegiň kepili” atly sanly ulgam arkaly halkara ylmy-amaly maslahaty geçirildi.
Bu halkara ylmy-amaly maslahata ýurdumyzyň we 13 sany daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy merkezleriniň we kompaniýalarynyň 128 sany wekilleriniň çykyşlary diňlenildi. Halkara ylmy-amala maslahata gatnaşyjylar, ilki bilen Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň alyp barýan ylmy-barlag, taslama işleriniň netijeleri boýunça taýýarlanan sergi hem-de amaly-haşam sungatynyň eserleri bilen tanyşdylar. Myhmanlar guralan sergi hem-de institutyň mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň taslama işleri bilen içgin tanyşdylar.
Maslahatyň baş maksady ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ugurdaş ýokary okuw mekdepleriň professor-mugallymlarynyň, aspirantlarynyň, talyplarynyň, şeýle hem ylmy edaralaryň alymlarynyň we kompaniýalaryň hünärmenleriniň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak we özara bähbitli ylmy maglumatlary alyş-çalyş etmek hem-de tejribe alyşmakdan ybarat.
Halkara ylmy-amaly maslahata daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, doktorantlary hem-de ylmy edaralarynyň wekilleri sanly ulgam arkaly gatnaşdylar.
Halkara ylmy-amaly maslahatynyň umumy mejlisinde çykyş eden daşary ýurtly alymlar çykyşlarynda öz halklarynyň binagärlik sungatynyň däp-dessurlary we aýratynlyklary, dünýä döwletlerinde işjeň ornaşdyrylýan häzirki zaman gurluşyk innowasiýalary, täzeçil tehnologik işläp taýýarlamalary barada gürrüň berdiler. Amatly şäher gurşawyny, tebigat gözelligi bilen utgaşýan dizaýny kemala getirmek hem-de binagärlik-gurluşyk biliminiň netijeliligini artdyrmak, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak ugurlary bilen baglanyşykly bolan maslahatlaşmalaryň dowamynda orta atylan meseleler uly gyzyklanma eýe boldy.
Halkara ylmy-amaly maslahatyň umumy mejlisinden soňra maslahatyň işi 4 sany bölümlerde dowam etdirildi.
Halkara ylmy-amaly maslahatyň esasy wezipeleri bilim ulgamynyň ylym we önümçilik bilen utgaşmagyny gazanmakdan, ýokary okuw mekdepleriň professor-mugallymlarynyň, aspirantlarynyň we talyp ýaşlarynyň arasynda ylmy pikir alyşmalaryny guramakdan we zehinli talyp ýaşlary ýüze çykarmak, ylma çekmek we ylmy derejeli işgärleri taýýarlamakdan, önümçilik we ylmy-barlag, gözleg işlerinde ýüze çykýan derwaýys ylmy hem-de amaly meseleleri çözmäge ukyply ýaş hünärmenleri ýetişdirmekden ybaratdyr.
Teswirler