Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen-italýan işewürlik forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni Rim şäherinde geçirilen Türkmen–italýan işewürlik maslahatyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Maslahatyň dowamynda Italiýa kompaniýalary üçin uly mümkinçilikleri döredýän Türkmenistanyň energetika we infrastruktura ulgamyndaky ösüş meýilnamalary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Forumda çykyş edenler senagat, dokma, oba hojalyk senagaty hem-de howpsuzlyk ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine aýratyn üns berdiler.

Hormatly Prezidentimiz öz çykyşynda: “Türkmenistanda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler, ilkinji nobatda ykdysadyýetde durmuşa geçirilýän özgertmeler ýurdumyza ýokary ösüş depginini üpjün etdi. Bu ýagdaý, şeýle hem baý tebigy serişdeler, ýurdumyzyň geografik taýdan amatly ýerleşmegi, yzygiderli durmuşa geçirilýän «açyk gapylar» daşary ykdysady syýasatymyz bähbitli maýa goýumlar üçin giň mümkinçilikleri açýar. Ýurdumyza daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge möhüm ähmiýet bermek bilen milli ykdysadyýetimizi uzak möhletleýin esasda ösdürmäge täze itergi bermek bu syýasatyň esasy maksatlarynyň biridir” – diýip belledi.

Şol günüň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Italiýa resmi saparynyň çäginde Rimdäki Kwirinale köşgünde Italiýanyň Prezidenti Serjio Matarella bilen duşuşyk geçirdi.

Gülaýym BAKYÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok