Türkiýäniň Prezidentiň karary bilen Türki döwletleriň raýatlarynyň zähmet hukuklaryny kadalaşdyrýan karar güýje girdi. Täze resminama laýyklykda, türki döwletleriň raýatlaryna ýurduň döwlet we hususy pudaklarynda — diňe harby we howpsuzlyk düzümlerinden başga edaralarda — erkin işlemäge hem-de zähmet çekmäge hukuk berilýär.
Zähmet rugsatnamasy, daşary ýurt raýatlarynyň Türkiýede işlemek üçin zerur kanunçylyk talaplaryna laýyk gelýän ýagdaýynda berilýär. Rugsatnama bermek baradaky karary Türkiýäniň Zähmet we durmuş taýdan goramak ministrligi degişli içeri işler hem-de daşary işler edaralary bilen bilelikde kabul edýär.
Rugsatnama alan daşary ýurt raýatlary ýurduň raýatlary bilen deň derejede degişli zähmet edaralarynda hasaba durmaga borçludyrlar. Olar şol edaralaryň ähli hukuklaryndan peýdalanyp bilerler, emma saýlawlara gatnaşmak we saýlanylmak hukuklaryna eýe däldirler.
Ýeri gelende belläp geçsek, kanun şeýle hem bu topardaky daşary ýurtlylar üçin Türkiýäniň raýatlygyny almak talaby bolmazdan, ýurduň çäginde ýaşamak we işlemäge mümkinçilik döredýär. Şol bir wagtda olaryň syýasy hukuklary çäklendirilýär. Kanunyň ýerine ýetirilişine degişli ministrlikler gözegçilik eder, onuň durmuşa geçirilmeginiň tertibi bolsa Prezidentiň karary esasynda kesgitlenýär.
Teswirler