Türkmenistanyň wekiliýeti «Zenanlaryň bütindünýä sammiti – 2025» gatnaşdy

13-nji oktýabrda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň başlygy Oguljennet Berdiliýewanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Pekinde geçirilen «Zenanlaryň bütindünýä sammiti – 2025» atly halkara foruma gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň web-saýty habar berýär.

«Umumy geljek: zenanlaryň hemmetaraplaýyn ösüşiniň täze we tizleşdirilen tapgyry» diýen mowzuk bilen geçirilen sammitde çykyş eden O.Berdiliýewa, Türkmenistanda zenanlaryň hukuklaryny goramak we üpjün etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir diýip belledi. Ol döwlet Baştutanynyň ýolbaşçylygynda bilim, saglygy goraýyş, ylym, ykdysadyýet we dolandyryş ulgamlarynda zenanlar üçin deň mümkinçilikleri döretmek ugrunda toplumlaýyn çäreleriň görülýändigini nygtady.


O.Berdiliýewa, şeýle hem, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň jemgyýetde zenanlaryň roluny ýokarlandyrmak, gender deňligini üpjün etmek we maşgala gymmatlyklaryny pugtalandyrmak boýunça milli maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýandygyny aýdyp geçdi.


Çykyşynyň dowamynda ol zenan telekeçilere berilýän döwlet goldawy, oba ýerlerindäki taslamalar, ýaş zenan hünärmenleriň bilim we hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler, şeýle hem halkara hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegi baradaky maglumatlary hem paýlaşdy. Türkmenistanda häzirki döwürde zenanlaryň ynamly, bilimli, watançy we dünýä garaýşy giň şahsyýetler bolup kemala gelmegine aýratyn ähmiýet berilýändigi hem bellenildi.


Şeýle hem O.Berdiliýewa, Türkmenistanyň BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlykda Durnukly ösüş maksatlarynyň, hususan-da 5-nji – gender deňligini üpjün etmäge gönükdirilen maksadyň ýerine ýetirilmegine işjeň gatnaşýandygyny aýtdy.


Mundan başga-da, bu ýyl Pekinde geçirilen Zenanlaryň ýagdaýy boýunça IV Bütindünýä maslahatynyň 30 ýyllygynyň bellenilýändigi ýatladyldy. 30 ýyl mundan ozal geçirilen şol maslahatda müňlerçe zenan Pekin Jarnamasyny we Hereketleriň Platformasyny kabul edipdiler. Bu resminamalar dünýäniň dürli ýurtlarynda, şol sanda Türkmenistanda hem, zenanlaryň ýagdaýyny gowulandyrmak ugrunda möhüm özgertmeleriň durmuşa ornaşdyrylmagyna itergi berdi.

Täçmahal ALLABERDIÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok