«EKSPO-2025» üstünlikli tamamlandy

Ýaponiýanyň Osaka şäherinde «EKSPO-2025» Bütindünýä sergisiniň ýapylyş dabarasy geçirildi. Dabarada Ýaponiýanyň Imperatorynyň maşgalasynyň agzalary, hökümet ýolbaşçylary, ýerli häkimiýetleriň wekilleri, daşary ýurtlaryň myhmanlary, milli pawilýonlaryň wekilleri we diplomatik korpuslaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Türkmenistandan Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanow ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bu dabarada çykyş etdi.

Ýaponiýanyň «EKSPO-2025» sergi assosiasiýasynyň baş sekretary serginiň üstünlikli tamamlanandygyny yglan edip, gatnaşan ýurtlara minnetdarlyk bildirdi. Dabarada Ýaponiýanyň döwlet baýdagy galdyryldy we döwlet senasy ýaňlandyryldy. Şeýle hem birnäçe ýokary derejeli çykyşlar bolup, Osaka şäheriniň halkara derejesindäki abraýynyň artandygy bellenildi.

Serginiň dowamynda bolan wakalar, medeni çäreler we gyzykly pursatlar wideo görnüşinde görkezildi. Ýapylyş dabarasynyň dowamynda serginiň resmi baýdagy düşürilip, «EKSPO-2030» sergisini geçirmäge hukuk gazanan Saud Arabystanyna tabşyryldy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok