Mälim bolşy ýaly Täjigistanyň paýtagtynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onuň gün tertibine görä, sammite gatnaşyjylar 20 sany meseläni ara alyp maslahatlaşdylar. Duşenbe sammiti jemleýji resminamalara gol çekmek dabarasy bilen tamamlandy. Şol resminamalaryň hatarynda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň 2026-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmek baradaky çözgüdi hem bolup, geljek ýyl guramada Türkmenistan başlyklyk eder.
Belläp geçsek, Türkmenistan ozal hem 2012-nji we 2019-njy ýyllarda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk edip, bu jogapkärli wezipäni abraý bilen ýerine ýetiripdi.
Teswirler