Moskwada «Dutaryň owazy» atly festiwal geçirilýär

Mälim bolşy ýaly, Russiýanyň paýtagty Moskwada «Dutaryň owazy» atly giň gerimli festiwal başlaýar. Bu halkara medeni çäre, Russiýanyň, Türkmenistanyň hem-de GDA-nyň beýleki ýurtlarynyň arasynda medeni gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm orun tutýar.

Festiwal akademiki saz sungatyny we etno-medeni däpleri birleşdirýär, bilim maksatnamalaryna hem giň orun berýär. 27-nji oktýabrda başlanýan çäräniň ilkinji tapgyrynda «Söweşiň keşbi sungatyň aýnasynda» atly ylmy-amaly maslahat geçiriler. Ol ýerde taryhy ýadygärlikleriň goralmagy, sungatyň watançylyk we gahrymançylyk duýgularyny ösdürmekdäki roly ara alnyp maslahatlaşylar.

Bu maslahata Russiýanyň öňdebaryjy döredijilik ýokary okuw mekdepleri, şeýle hem Türkmen döwlet medeniýet instituty bilen Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň wekilleri gatnaşar.

Festiwalyň esasy bäsleşik tapgyrlary 29–30-njy oktýabrda 64-nji çagalar saz mekdebinde geçiriler. Bu ýerde dürli ýurtlardan gelen ýaş sazandalar etno-akademiki saz sungaty boýunça bäsleşerler. Şeýle hem okyjylar üçin «Söz giňişligi» atly döredijilik bäsleşigi geçiriler.

Festiwal halkara derejesinde uly gyzyklanma döretdi. Russiýadan, Hytaýdan, Özbegistandan we Türkmenistandan gatnaşmak üçin arzalar gowuşdy. Türkmen gatnaşygynyň aktiwliginiň artmagy, ýurduň türki medeni giňişlikdäki ornunyň ýokarlanýandygynyň subutnamasydyr.

Festiwal 3-nji noýabrda geçiriljek dabaraly konsert we baýrak gowşuryş dabarasy bilen jemlenýär. Bu çäre Russiýanyň Sungat akademiýasynyň Zurab Sereteli galereýasynda geçirilýär. Mundan başga-da, 6–14-nji noýabr aralygynda «Parahatçylyk öwüşgüni» atly sergi geçiriler.

Gurnaýjylar ähli çäreleriň elýeterlidigini, hemmä açykdygyny belleýärler.

Aýmyrat IŞANKULYÝEW,

Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň
Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary
kafedrasynyň müdiri.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok