Şu gün Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda «Resurslardan täsirli peýdalanmak» atly açyk sapak geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi hem-de Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň bilelikde guramagynda geçirildi.
Çäräniň dowamynda çykyş eden “Ýaş telekeçiler” merkeziniň utgaşdyryjysy Merdan Ataýew ýaşlaryň telekeçilik başlangyçlaryny goldamak, netijeli mümkinçiliklerden peýdalanmak boýunça gürrüň berdi.
Şeýle-de, Rupta Consulting maslahatçysy, pedagog Öwez Gandymow maşgala, jemgyýet we şahsyýetiň kämilligi barada çykyş edip, ýaşlaryň jemgyýetdäki orny we ruhy-ahlak ösüşiniň ähmiýeti barada pikirlerini paýlaşdy.
Açyk sapagyň dowamynda çykyşlar esasynda gatnaşyjylar bilen gyzyklanma döredýän soraglar boýunça pikir alyşyldy.
Teswirler