2025-nji ýylyň 5-6-njy oktýabrynda Türkmenistanyň wekiliýeti Özbegistanyň Nukus şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň mugallymlarynyň halkara forumyna gatnaşdy. Forum «Merkezi Aziýanyň mugallymlary: bir sebit, bir ses, bir güýç!» diýen şygar astynda ÝUNESKO-nyň we ÝUNISEF-iň goldamagynda, Özbegistanyň mekdebe çenli hem-de mekdep bilimi ministrligi tarapyndan guraldy.
Forumda Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň – Türkmenistan, Özbegistan, Gazagystan, Gyrgyzystan we Täjigistanyň bilim işgärleri bilen birlikde Azerbaýjan, Türkiýe we birnäçe halkara guramalaryň wekilleri hem gatnaşdylar. Şeýle-de öňdebaryjy mugallymlar we jemgyýetçilik wekilleri forumda çykyş etdiler.
Açylyş dabarasynda sebitiň ýurtlarynyň bilim ýolbaşçylary çykyş edip, forumyň bilim ulgamynda sebitleýin hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde we mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmakdaky ähmiýeti barada nygtadylar. Şeýle hem häzirki wagtda Merkezi Aziýa ýurtlarynda bilim ulgamynyň döwrebap ösüşe eýedigine we halkara gatnaşyklary giňeltmegiň möhümdigine aýratyn üns berildi.
Forumyň dowamynda türkmen wekilleri daşary ýurtly kärdeşleri bilen tejribe alyşdy, bilim boýunça maslahatlara, tanyşdyrylyşlara hem-de medeni çäreleriň birnäçesine gatnaşdylar. Forumda sanly tehnologiýalaryň bilimde ulanylmagy, ekologiýa terbiýesi, ýaşlaryň arasynda ekokultury ösdürmek we interaktiw usullar bilen okatmagyň ähmiýeti aýratyn bellenildi.
Bu halkara forum mugallymlaryň arasynda hyzmatdaşlygy berkitmek, täze usullary öwrenmek hem-de sebitleýin bilim ulgamyny ösdürmek üçin möhüm meýdança boldy. Türkmenistanyň wekiliýetiniň gatnaşmagy bolsa, halkara tejribeden peýdalanmaga we hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly mümkinçilik döretdi.
Teswirler