2025-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Hytaýyň Hançžou şäheriniň Halk hökümetiniň Baş sekretarynyň orunbasary Sýuý Sinşan duşuşdylar.
Duşuşykda taraplar Türkmenistanyň we Hytaýyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň häzirki derejesi we geljekki mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Sebitara hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri aýratyn üns merkezinde boldy.
Taraplar medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi, innowasiýalar, emeli aň, ýokary tehnologiýalar, şeýle hem “akylly şäher” ýaly taslamalarda hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
13-nji martda Arkadag şäherine Hançžou şäherindäki Dýanszy uniwersiteti tarapyndan “ýaşyl we ekologik taýdan arassa şäher” hökmünde Üstünlik güwänamasy berilendigi aýratyn bellenildi.
Türkmen tarapy ýurduň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri bilen Dýanszy uniwersitetiniň arasynda bilim we ylmy hyzmatdaşlygy ýola goýmagy teklip etdi.
Duşuşykda sport ugrundaky alyşmalaryň hem ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm ähmiýetiniň bardygy nygtaldy.
Teswirler