«Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk ýoly: parahatçylyga we durnuklylyga 30 ýyllyk ygrarlylyk» atly halkara maslahat

2025-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Rumyniýanyň Buharest şäherindäki Milli Ylym we Tehnologiýa Uniwersitetiniň Politehnika okuw merkezinde Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasy «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk ýoly: parahatçylyga we durnuklylyga 30 ýyllyk ygrarlylyk» atly halkara maslahatyny geçirdi.

Çäre Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň yglan edilmeginiň 30 ýyllygyna, ýurdumyzyň garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna hem-de 2025-nji ýylyň ýurdumyz tarapyndan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilmegine bagyşlandy.

Maslahatda giriş sözi bilen uniwersitetiň rektory, professor Mihneýa Kostoiu çykyş edip, Türkmenistanyň bitaraplyk hukuk derejesiniň hem-de onuň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň ähmiýetini belläp geçdi. Esasy çykyş bilen Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçisi Annamämmet Annaýew ýüzlenip, bitaraplygyň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň binýatlyk ýörelgesidigini hem-de BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek tassyk edilendigini nygtady.

Maslahatda türkmen-rumyn hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi, şol sanda Hazar deňzi bilen Gara deňzi birleşdirýän ulag geçelgesi, energetika, sanlylaşdyrma we ekologiýa ýaly ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Çäräniň ahyrynda milli medeni mirasymyzy görkezýän sergi guralyp, myhmanlara türkmen milli tagamlary hödürlenildi.

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok