Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşiniň agzasy, Hormatly il ýaşulusy Ýazmyrat Atamyradow halkyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokary derejä ýetendigini göz öňünde tutup, zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberiniň ýokarlandyrylmagyny bes etmegi teklip etdi hem-de şu teklibi goldamagy Gahryman Arkadagdan tüýs ýürekden haýyş etdi.
Ýazmyrat Atamyradow öz çykyşynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň we döwlet Baştutanynyň tagallalary bilen köp ýyllardan bäri Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberiniň yzygiderli ýokarlandyrylýandygyny, adamlar üçin döredilýän şeýle ýeňillikleriň dünýäniň hiç bir ýurdunda-da ýokdugyny, bu gün her bir maşgalanyň eliniň uzadan ýerine ýetýändigini aýtdy.
Ýaşulular geňeşiniň agzasy, Hormatly il ýaşulusy Ýazmyrat Atamyradow öz çykyşynda şeýle diýdi: «Agzybir halkymyz parahat, asuda, bolelin, bagtyýar durmuşda ýaşaýar. Ogul-gyzlarymyz, agtyk-çowluklarymyz okuwa, işe arkaýyn gidip-gelýärler. Parahat, asuda durmuşyň özi bahasyna ýetip bolmajak uly baýlykdyr hem gymmatlykdyr». Şeýle-de tygşytlanyljak serişdeleriň ýurdy mundan beýläk-de ösdürmäge, beýleki wajyp ugurlara gönükdirilmeginiň has-da talabalaýyk boljakdygyny nygtap, türkmen halkynyň Milli Lideriniň we döwlet Baştutanynyň halkyň hem-de ýaş nesilleriň nurana geljegi ugrunda alyp barýan işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.
Teswirler