Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýertitremeden ejir çeken owgan halkyna ynsanperwerlik kömegini ibermek hakynda Buýruga gol çekdi.
Resminama laýyklykda, doganlyk owgan halkyna, ilkinji nobatda, Owganystanyň ýertitremeden ejir çeken çagalaryna we ýaşaýjylaryna däri-dermanlary, azyk we iýmit, egin-eşik önümlerini, durmuşda zerur bolan beýleki önümleri ynsanperwerlik kömegi hökmünde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan ibermek bellenildi.
Bu günki gün Türkmenistanda kyn günde doganlyk goluny uzatmak we goldaw bermek däpleri döwletleriň arasynda dostlukly gatnaşyklary, hoşniýetli goňşuçylygy berkitmegiň binýady hökmünde mynasyp dowam etdirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň goňşy ýurduň halkyna ynsanperwerlik kömegini ibermek baradaky çözgüdi hem köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere, uly weýrançylyklara getiren tebigy betbagtçylyga duçar bolan adamlara ruhy goldawdyr, owgan halkyna bildirilýän çuňňur hormatyň nobatdaky beýanydyr.
Teswirler