Aşgabatdan Seula göni uçar gatnawy ýola goýuldy!

Şu gün ýagny, 14-nji iýulda sagat 9:05-de Aşgabadyň Halkara howa menzilinden Seula ilkinji yzygiderli ýolagçy uçar gatnawy ýola goýuldy. Täze uçar gatnawynyň işe girizilmegi mynasybetli howa menzilinde ýörite bildiriş berlip, ýolagçylara gutlaglar ýetirildi.

Gaýdyp gelýän ýolagçy uçary 15-nji iýulda, ýerli wagt bilen sagat 22:45-de Seuldan Aşgabada ugrar. Gaýdyş biletiniň bahasy bolsa 2924,5 manat diýip habar berilýär.

Täze halkara uçar gatnawynyň syýahatçylygyň ösdürilmegine, şeýle-de Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň arasynda medeni, işewür we ylmy hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly itergi bermegine garaşylýar.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok