11-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi.
Mejlisde şu ýylyň geçen alty aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meselelere seredildi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, käbir ýolbaşçylaryň, welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi.
Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti, B.Orazowy Mary welaýatynyň häkimi wezipesinden boşadyp, bu wezipä D.Annaberdiýewi bellemek barada karara gelendigini aýtdy we degişli resminamalara gol çekdi.
Teswirler