“Şadyýan Çagalyk”: Çagalaryň tomus dynç alyşy tebigata söýgi bilen utgaşdy

Türkmenistanyň “Ekologiýa Hereketi” jemgyýetçilik guramasy bilen Türkmenistanyň Nebit gaz toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň geňeşi bilelikde “Şadyýan Çagalyk” atly medeni çäre gurady.

Çäre Gökderede ýerleşýän “Nebitçi” çagalar sagaldyş dynç alyş merkezinde geçirildi. Bäsleşikde “Çeşme” çagalar sagaldyş dynç alyş merkeziniň çagalar topary ýeňiji boldy. Çäräniň maksady – tomusky dynç alyş möwsüminde çagalaryň ruhy dünýäsini baýlaşdyrmak, olaryň tebigata bolan söýgüsini ösdürmek we paýhaslaryny kämilleşdirmek boldy.

Medeni çärede çagalar dürli toparlara bölünip, ýatda saklamak, üns beriş, döredijilik we tebigata degişli maglumatlar bilen baýlaşdyrylan oýunlarda bäsleşdiler. Dürli reňkli toplar bilen edilen ýatkeşlik oýunlaryndan başlap, haýwanlaryň maket gäpleri bilen tanyşlyk, reňkli kagyzlardan gül taýýarlamak ýaly döredijilik çäreleri geçirildi. Çagalaryň taýýarlan gülleri, olaryň tebigatyň janly gözelligini öz elleri bilen görkezmek ukybyny ösdürdi.

Türkmenistanyň Ekologiýa Hereketiniň medeniýet bölümi hem aýdym-sazly çykyşlary bilen çärä aýratyn öwüşgin çaýdy. Bäsleşikleriň ahyrynda ýeňiji toparlara ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Bu çäre, çagalaryň tebigata bolan söýgüsini artdyrmak bilen bir hatarda, olaryň özara dostluk, toparlaýyn işleşmek we döredijilik ukyplaryny hem ösdürmäge ýardam berdi.

Türkmenistanyň “Ekologiýa Hereketi” jemgyýetçilik guramasy ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny gorap saklamak, daşky gurşawy arassa saklamak hem-de ilatyň ekologiýa medeniýetini ýokarlandyrmak maksady bilen döredilen jemgyýetçilik birleşigidir. Bu gurama jemgyýetde ekologiýa bilen baglanyşykly meseleler boýunça wagyz-nesihat işlerini alyp barmak, ýaş nesliň tebigata bolan hormat-söýgüsini ösdürmek we dürli çäreler, sapaklar hem-de ekologiýa taslamalary arkaly jemgyýetçilik gyzyklanmasyny artdyrmak ugrunda iş alyp barýar.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok