2025-nji ýylyň 11-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Gazagystanyň Almaty şäherinde geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisine gatnaşdy. Bu barada ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi habar berýär.
Bu duşuşyga Azerbaýjan, Ermenistan, Belarus, Gazagystan, Gyrgyzystan, Russiýa, Täjigistan we Özbegistanyň daşary işler ministrleri bilen bir hatarda GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekilleri hem gatnaşdylar.
Geňeşiň dowamynda gatnaşyjylar syýasy-diplomatik ugurda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli meselelerini, söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy güýçlendirmek bilen baglanyşykly pikir alyşdylar.
Şol gün Almatyda “Merkezi Aziýa – Russiýa” formatyndaky daşary işler ministrleriniň duşuşygy hem geçirildi. Onda GDA agza döwletleriň ýolbaşçylarynyň soňky sammitinde gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetiriliş ugurlary maslahatlaşyldy. Şeýle-de taraplar özara gyzyklanma döredýän ugurlarda hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek boýunça çäreleri ylalaşdylar.
Enejan ÝOLDAŞOWA,
TMÝG-niň Kerki etrap Geňeşiniň sanly
ulgam boýunça hünärmeni.
Teswirler