2025-nji ýylyň 11-nji aprelinde Hindistanyň paýtagty Nýu-Deli şäherinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Magtymguly – dünýäniň akyldary” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan guralan bu çärä Nýu-Delide bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar.
Dabaranyň dowamynda gatnaşyjylar 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi, şeýle-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda geçirilýän giň möçberli çäreler bilen tanyşdyryldy.
Çäräniň esasy ünsi Türkmenistanyň Prezidentiniň “Magtymguly – dünýäniň akyldary” atly täze neşirine gönükdirildi. Bu kitapda beýik şahyryň we akyldaryň dünýä edebiýatyna goşan ägirt uly goşandy, onuň döredijilik mirasynyň häzirki zaman ruhy bilen utgaşmagy giňden beýan edilýär.
Talyplar kitabyň neşir edilmegini Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasyna düşünmekde möhüm gollanma hökmünde garşylap, eseriň ýaş nesiller üçin ruhy gymmatlyk hökmünde aýratyn ähmiýete eýedigini bellediler.
Bu çäräniň geçirilmegi, Hormatly Prezidentimiziň döredijiliginiň we milli mirasymyzyň halkara giňişligindäki orny bilen baglanyşykly ýokary derejedäki ünsüň nobatdaky subutnamasy boldy.
Mariýa SALMINA,
Türkmenistanyň döwlet maliýe
institutynyň talyby.
Teswirler