Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti Balkanabat şäherinde okuw sapaklaryny geçirdi

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň welaýat bölüminiň guramagynda Balkanabat şäherindäki 15-nji orta mekdepde durmuşyň kynçylykly ýagdaýlarynda, tebigy betbagtçylyklarda heläkçilige uçran adamlara ilkinji kömegi bermegi, şeýle ýagdaýlarda nähili hereket etmelidigini öwredýän okuw sapaklary geçirildi.

Okuw sapaklarynda öwrenilenleri berkitmek üçin «Dogry berlen kömek ömri halas eder» atly tälim-okuw çäresi hem guraldy. Oňa jemgyýetiň wekilleri, meýletinçiler, welaýat raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň  işgärleri,  mugallymlar, mekdep okuwçylary we beýleki myhmanlar gatnaşdylar.

Çärä gatnaşanlar toparlaýyn çykyş edip, adatdan daşary ýagdaýlarda, tebigy betbagtçylyklarda heläkçilige uçranlara ilkinji kömegi bermegiň kadalary boýunça alan düşünjelerini hereketleriň üsti bilen düşündirdiler, adatdan daşary ýagdaýlarda mekdep okuwçylaryny göçüriş meýdançasyna çykarmakda başarnyklaryny görkezdiler. Çäräniň ahyrynda edilen çykyşlara hünärmenler tarapyndan seljerme işleri geçirildi we maslahatlar berildi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok