Ylym-bilimiň ösen mekanynda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Arkadagy, Hak Howandary Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan oňyn başlangyçlarynyň netijesinde ýurdumyzda ylma, bilime uly üns berilýär. Çünki her bir döwletde onuň ösüşi halkynyň bilimi bilen kesgitlenilýär. Döwletimizde “Bilimli nesil – kuwwatly Watan” diýlen jümle ýöne ýerden aýdylmaýar. Sebäbi döwletimiziň ösüşi ýaş nesillerimiziň bilimine gönüden-göni baglydyr.

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ylymda ösen, iň soňky tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Mekdeplerde çagalaryň we okuwçylaryň arasynda geçilýän dersleriň hiliniň ýokarlandyrylmagy we sanynyň artdyrylmagy çagalarda bilim dünýäsine emin-arkaýyn uýgunlaşmaga şert döredýär. Sanly ulgamyň esasynda mekdeplerde her bir mekdep okuwçysynyň hususy kompýuterler bilen “Hormatly Arkadagymyzyň sowgady” hökmünde üpjün edilmegi ýaş nesillerimiziň dünýä derejesinde laýyk gelýän bilim almagyň esasy başlangyjydyr.

Mekdep okuwçylarynyň arasynda ýygy-ýygydan geçirilip durulýan “Garaşsyzlygyň merjen däneleri”, “Iň eýjejik gyzjagaz”, “Altyn Asyryň altyn zehinleri”, “Ýylyň okuwçysy” ýaly ders hem döredijilik bäsleşikleri olaryň bilim almaga we hünär öwrenmäge bolan höwesini has-da artdyrýar. Ýaşlaryň bilim derejesiniň ýokarlanmagy bilen ýurdumyzda ylym ulgamy hem kämilleşýär. Her ýylda ýaş nesilleriň arasynda “Ýaňlan diýarym”, “Ýylyň talyby” we beýleki ders hem-de döredijilik bäsleşikleri geçirilip, täze zehinleri ýüze çykarmakda mümkinçilikler döreýär. Häzirki wagtda ýaşlaryň arasynda oýlap-tapyşlara we ylmy açyşlara uly ýol berilýär. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary boýunça talyplardyr beýleki hünärmenler tarapyndan ylmy işleriň birnäçesi ýerine ýetirilýär. Şu wagta çenli oýlap tapyşlaryň we ylmy işleriň birnäçesi ýurdumyzyň pudaklarynda ornaşdyryldy we ýylyň-ýylna ýokary netijeler gazanylyp gelýär. Türkmen ýaşlary diňe bir biziň öz döwletimiziň çäginde däl, eýsem has ösen daşary döwletleriň abraýly ýokary okuw jaýlarynda bilim almak hukugyna eýedirler. Daşary döwletleriň ady dünýä belli bolan ýokary okuw jaýlarynda ylym-bilim öwrenmek bilen dünýä derejesinde ösen tehnologiýalar we kämil ylym-bilim, ösen tejribeler öz döwletimiziň çäginde ornaşdyrylýar we ýokary derejede üstünlikler gazanylýar.

Ylym-bilimiň ösen mekany hasaplanylýan eziz Türkmenistanymyzda her ýylyň 12-nji iýunynda ylmy işgärleriň gününiň we 1-nji sentýabrynda bilimler gününiň ýokary derejede bellenilip geçilmegi ýurdumyzda ylym-bilime uly üns berilýändiginiň bir mysalydyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda ylym we bilim ulgamlarynda ägirt uly özgertmeleri amala aşyryp, ýurdumyzyň ösüşlerine goşant goşýan Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys! Goý, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Ylym-bilim ulgamynda alyp barýan il bähbitli, halk ähmiýetli işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin!

Aýgözel ANNAÝEWA,

Aşgabat şäherindäki Saparmyrat
Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirlen
umumybilim berýän mekdep-internatynyň
fizika mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok