Zähmetim bar — sarpam bar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda, türkmen halkynyň gadymy döwürlerden bäri mukaddeslik hökmünde saklap gelýän medeni mirasy beýik derejede sarpalanýar. Milliligimizi we onuň gymmatlyklaryny nesillerimize ýetirmekde möhüm başlangyçlar durmuşa geçirilýär. Türkmen halky öz milli gymmatlyklaryna mukaddeslik hökmünde garaýar we bu gymmatlyklar halkymyzyň kalbynda hemişelik şygar bolup ýaşap gelýär.

Halkymyzyň medeni mirasy, öz göwrümi we köpöwüşgünliligi bilen tapawutlanýar. Gözelligi bilen gözi kamaşdyrýan owadanlyklar zenanlarymyzyň, gelin-gyzlarymyzyň zehininden we mähirli zähmetinden emele gelýär. Türkmen zenanlary öz gözelliklerini el işlerine geçirip, keşdedir-nagyşlaryň ajaýyp nusgalaryny döredýärler. Keşdeçilik sungaty halkymyzyň bahasyna ýetip bolmajak milli gymmatlyklary hökmünde kabul edilýär. Milli lybaslarymyz we kürtedir çabytlarymyzyň keşdeleri, büyük ene-mamalarymyzyň «iňňe bilen guýy gazan» diýen päk manysyny aňladýar. Türkmen zenanlarynyň nazlylygy, mähirligi, gözelligi, asyllylygy ýaly ajaýyp häsiýetler bu sungatda jemlenipdir.

Çeper elli zenanlarymyz, uz barmaklaryndan döreýän göz ýaly ýanýan keşdeli keteni köýnekleri, çabytdyr begresi türkmen tebigatynyň ajaýyplyklaryny, berekeli topragynyň ähmiýetini beýan edýär. Milli nagyşlar, inçelik bilen we mähir bilen ýerine ýetirilen el işleriniň ýokary ussatlykdygyndan habar berýär. Türkmen maşgalasynda gyz bäbejik dünýä inende, onuň ulalansoň çeper elli, tüýs türkmen gyzy bolup ýetişmegi üçin arzu edilýän umytlar we bu umytlar joşgunly gazallarda we arzuwly lälelerde beýan edilýär.

Bagtyýar zamanada, milliligimizi saklap, ony geljekki nesillere ýetirmek, türkmen ýaşlarynyň mukaddes borjudyr. Halkymyzyň medeni mirasyny gorap, ony dünýä ýaýmakda beýik işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys!

Sahida EMINOWA,

Çärjew etrap Farap şäher çagalar we
ýetginjekler döredijilik öýüniň gurnak ýolbaşçysy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok