Italiýanyň moda sungatynyň ýaşlarda galdyran täsiri

Eziz diýarymyzda halkymyz her bir ýyly uly umyt-arzuwlar we ruhybelentlik bilen garşy alýar. Parahatçylyk dörediji aýdyň maksatlary, ynsanperwer syýasaty bilen dünýäde giňden tanalýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary, köptaraply başlangyçlary bilen üstünlikleriň we ösüşleriň ýoly bilen öňe barýar. Aýratynam ýurdumyzda dünýäniň ugurdaş ýokary okuw mekdepleri bilen okuw-usuly, ylmy-döredijilik bilen bagly köpsanly halkara çäreleriň yzygiderli geçirilmegi tejribe toplamagyň esasy çeşmesi bolup durýar. Çünki “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” Watanymyzyň dünýä ýüzünde hoşniýetli, parahatsöýüjilikli​ gatnaşyklarynyň dabaralanmasy diýip aýtmak bolar.

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz Watanymyz dünýäniň döwletleri bilen hoşniýetli goňşuçylyk, türkmen Bitaraplygynyň ýörelgeleri esasynda halkara hyzmatdaşlygy netijeli ösdürýär we goňşy ýurtlary, şeýle-de dünýä döwletleri bilen özara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berýär.

2025-nji ýylyň 5-nji aprelinde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Italiýa Respublikasynyň moda federasiýasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda talyplar üçin ussatlyk sapagy geçirildi.

Sapaga gatnaşan mugallymlar, talyplar moda bezegi barada birnäçe gyzykly maglumatlary özlerine aldylar. Sapagyň dowamynda ýaş dizaýnerler italiýan moda dizaýny barada özüne gyzykly bolan soraglaryny bermek bilen birnäçe täze maglumatlary öwrendiler.

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda geçirilen okuw sapagy talyp ýaşlaryň döredijiligine uly täsir edip, dizaýn sungatynyň kämilleşmegine we baýlaşmagyna uly itergi berer.

Gülabat GADAMOWA​,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
Sungaty öwreniş kafedrasynyň 4-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok