Italiýada dolulygyna emeli aň ulanylyp taýýarlanylan “Il Foglio” atly ilkinji gazet satuwa çykaryldy. Bu tejribe, geljekde žurnalistleriň hem işini emeli aňyň alyp biljekdigini ýüze çykardy.
“Il Foglio”-nyň redaktory Claudio Cerasa, bu tejribäniň emeli aňyň habar merkezinde “amaly taýdan” nähili işleýändigini synag etmek maksady bilen ýerine ýetirilendigini belledi. Şeýle hem, bu proses žurnalistlere tehnologiýanyň geljekde žurnalistika üçin näme aňladýandygy barada pikirlenmek mümkinçiligini berdi.
Cerasa, bu tejribäniň dünýäniň ilkinji dolulygyna emeli aň ulanyp taýýarlanan gündelik gazetdigini belledi. Dört sahypalyk “Il Foglio AI” gazetini, hem çap görnüşinde gazet dükanlarynda, hem-de sanly görnüşde elýeterli edildi.
Habar merkezlerinde öndürijilikli emeli aňyň ulanylmagy täze düşünje däl, ýöne öňki tejribeler çylşyrymly netijeler berdi. Mysal üçin, “CNET” – 2023-nji ýylda emeli aň tarapyndan taýýarlanan maliýe maslahat makalalaryny neşir etdi, ýöne möhüm ýalňyşlyklary ýüze çykarylandan soň tankytlara sezewar boldy. Şeýle hem, Los Angeles Times tarapyndan ulanylan “Insights” atly emeli aň guraly, garşylykly garaýyşlary derejelendirmek maksady bilen işlenip düzüldi, ýöne bu gural jedelli teswirleri döredip, gysga wagtda ýatyryldy.
Emeli aň, hakyky ýaly görünýän sözlemleri döretmekde üstünlikli bolup görünse-de, esasan aşa ösen awtomatiki tamamlaýyş ulgamlary ýaly işleýändigi sebäpli kämahal baglanyşykdan daş ýa-da nädogry maglumatlary döredip bilýär. Hatda, jogap döretmek prosesini düşündirýän söhbet botlary hem kämahal bu ýagdaýy kabul edýär. Şol sebäpli, emeli aň tarapyndan döredilen sözlemleriň üns bilen gözden geçirilmegi we dogrulygynyň barlanylmagy uly ähmiýete eýe. Habar merkezleri, jemgyýeti nädogry maglumatlandyrmazlyk üçin bu meselede goşmaça üns bermeli.
Bu çylşyrymly ýagdaýa garamazdan, habar guramalary öndürijilikli emeli aň bilen tejribeleri dowam etdirýärler. Mysal üçin, Washington Post we Bloomberg ýaly dünýä belli köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, makala üçin gysgaça mazmunlaryny taýýarlamak üçin emeli aňdan peýdalanýarlar.
Jeýran JUMABAÝEWA,
«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň
Politehniki orta hünär okuw
mekdebiniň mugallymy.
Teswirler