“Dünýäni özgerdýän ýagşylyk” atly sergi-ýarmarkasy geçirilýär

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň gurnamagynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda “DÜNÝÄNI ÖZGERDÝÄN ÝAGŞYLYK” atly sergi-ýarmarka gatnaşmagyň
DÜZGÜNLERI

Ynsanperwer ýörelgeler çaganyň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň üpjün edilmegini hem-de goralmagyny kepillendirýän hukuk namalarynda, netijeli ykdysady çäreler ulgamynda, ýetim hem-de ene-atalarynyň howandarlygyndan çetde galan çagalaryň durmuş ulgamyna doly goşulyşmagyna gönükdirilen anyk durmuş çärelerinde, olary özbaşdak durmuşa taýýarlamak, ýokary ahlak, watançylyk hem-de raýatlyk düşünjesi ruhunda terbiýelemek boýunça geçirilýän işlerde öz beýanyny tapýar. Döwlet tarapyndan hemaýata mätäç ýaş nesliň saglygyny berkitmek meseleleri ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda durýar. Şu nukdaýnazardan 2025-nji ýylyň 22-nji aprelinde, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň gatnaşmagynda dabara yglan edýär.

Dabaranyň esasy maksady: Ynsanperwerlik, mätäji goldamak ýaly milli ýörelgelerimize eýermek bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna ýaşlaryň öz mynasyp goşandyny goşmaklaryna gönükdirilendir.

Esasy düzgünler: Her ýokary okuw mekdebi öz ugruna degişli sergi gurnamaly.

Sergä gatnaşyjylar barada maglumatlar tablisa laýyklykda doldurulyp, 12-nji aprele çenli iirmfa.youngscientists@gmail.com elektron salga ugratmaly.

Bäsleşigiň geçiriljek ýeri we wagty: Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty. 2025-nji ýylyň 22-nji apreli. Sagat 11:00.

Goşmaça habarlaşmak üçin: +99363334808; +99363457007.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok