Sanly ykdysadyýet — durnukly ösüş

Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti giňeltmek, internet we maglumat tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, ýurduň strategik syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu syýasat durnukly ykdysady ösüşi gazanmak üçin innowasiýalary we kuwwatly tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmagy göz öňünde tutýar.

Döwlet dünýä bazaryna uýgunlaşmak we täze ykdysady talaplary ýerine ýetirmek üçin düýpli özgertmeleri amala aşyrýar. Ýurdumyzda önümçilik döwrebaplaşdyrylýar we bäsleşige ukyply önümler öndürilýär. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasaty iň täze tehnologiýalary we öňdebaryjy tejribeleri öz içine alýar.

Innowasiýaly ykdysadyýet tebigy baýlyklary ösdürmek, ýokary hilli önümler we ekologiýa taýdan arassa öndürme boýunça giňeltmekde möhüm orna eýe bolýar. Azyk senagatynda innowasiýalar öňe gidýär we mahabat işleri giňeldilýär.

Ýurdumyzda yzly-yzyna innowasiýaly çäreleriň durmuşa geçirilmegi, bäsleşige ukyply harytlary we ýaşyl ykdysadyýet babatdaky ösüşi gazanmak üçin möhüm şertdir. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Türkmenistanda ýokary hilli ýaşaýyş derejesi we ýaşlara bilim bermek bilen ösüş gazanylýar. Bu syýasat ýurdumyzda durmuş we iş üpjünçiligi hem-de sosial ulgamyň güýçli ösmegine mümkinçilik berýär.

Akynýaz ÝAZMYRADOW,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
informatika institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok