Parahatçylyk we ynanyşmak— halkara gatnaşyklaryň esasy ugry

Üçünji müňýyllyk adamzat durmuşynda düýpli özgerişleri emele getirdi. Ähli ynsanlaryň bagtyýar durmuş baradaky beýik arzuwlary parahatçylyk we bitaraplyk ýaly gymmatly düşünjelerde öz beýanyny tapdy. Sebäbi parahatçylyk — her bir ýürekde, her bir ojakda we her döwletiň ösüş ýolunda iň esasy maksatlaryň biridir.

Şu nukdaýnazardan, asyrlaryň dowamynda parahatsöýüjilik ýörelgeleri bilen tanalýan Türkmenistan dünýä halklaryny dost-doganlyga, agzybirlige we parahatçylygy pugtalandyrmaga çagyrýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz halkara giňişliginde parahatçylyksöýüji we ynsanperwer ýurt hökmünde tanalyp, öz bitaraplyk syýasaty arkaly ählumumy abadançylyga mynasyp goşandyny goşýar.

Ýeri gelende bellesek, 2025-nji ýylyň nyşanynyň merkezine ýaşyl tugumyz bilen BMG-niň baýdagynyň ýerleşdirilmegi ýurdumyzyň dünýäniň bu iri halkara guramasy bilen oňyn hyzmatdaşlyga esaslanýan köpýyllyk dostlukly gatnaşyklaryny alamatlandyrýar. Çünki taryhy taýdan gysga möhletiň içinde Garaşsyz ýurdumyz özüniň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna daýanyp, Ýer ýüzüniň köp döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen dünýäde parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine dostlukly, birek-birege ynanyşmak, deň hukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklary ýola goýmagyň gymmatly tejribesini toplady. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy bilen iki gezek ykrar edilmegi, «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly», «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamalaryň biragyzdan kabul edilmegi hem ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň, dünýä döwletleriniň arasynda ynanyşmak medeniýetiniň dikeldilmegine goşýan goşandynyň halkara giňişlikdäki dabaralanmasydyr.

Häzirki döwürde Türkmenistan BMG bilen hyzmatdaşlygyny has-da berkitmek we bilelikdäki işleriň gerimini giňeltmek ugrunda yzygiderli tagallalar edýär. Şunuň netijesinde, ýurdumyz dünýäde howpsuz we durnukly ýaşaýşy üpjün etmek, parahatçylyk, ynanyşmak hem-de dialog medeniýetini pugtalandyrmak ýaly möhüm başlangyçlary öňe sürýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly goşgusynda beýan edilişi ýaly, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bütin adamzat üçin halkara parahatçylyk we ynanyşmagyň mekanydyr!

Gülaýym BAKYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok