BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasyna laýyklykda, dünýä jemgyýetçiligi 1995-nji ýylda ilkinji gezek, 2015-nji ýylda bolsa ikinji gezek Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesini ykrar etdi. Elbetde, 30 ýyl taryhy nukdaýnazardan gysga döwür bolup görünse-de, esasy zat ýaşan ýyllaryň sanynda däl-de, gazanylan üstünliklerde we amala aşyrylan işlerde jemlenýär. Hut şonuň üçin hem geçen ýyllarda ýurdumyzda gazanylan üstünlikler we ýetilen belent sepgitler asyrlyk ösüşe deňdir. Şol döwürde hemişelik Bitarap Türkmenistanyň täze taryhyna milli we umumadamzat ähmiýetli möhüm wakalar ýazgy edildi.
Şeýle hem geçen ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 30-a golaý Kararnamanyň kabul edilmegi buýsanç bilen agzalýan hakykatdyr. Diňe 2024-nji ýylyň dowamynda Milletler Bileleşiginde dünýä ähmiýetli resminamalaryň 4-sine – «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly», «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary», «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» hem-de «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama» atly Kararnamalara ýurdumyzyň öňbaşçylyk etmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle-de, paýtagtymyzda geçirilen halkara forumlaryň ençemesiniň Jemleýji resminamalarynyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli sessiýalarynyň resmi resminamalary hökmünde kabul edilmegi, Türkmenistanyň dünýäde durnukly ösüşi üpjün etmäge goşýan uly goşandynyň aýdyň nyşanydyr.
Döwletimiz dünýäniň ýurtlary bilen hoşniýetli, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürýär. Esasan, ýurtlaryň arasynda söwda-ykdysady, ylym-bilim, medeniýet-sungat, sport-syýahatçylyk gatnaşyklaryny ösdürmäge ýokary ähmiýet berýändigine göz ýetirýäris. Ähli gatnaşyklar ýokary ynsanperwerlik gymmatlyklaryna esaslanýar. Hut şol sebäpli hormatly Prezidentimiziň umumadamzat ähmiýetli syýasatynyň, beýik taglymatynyň uly goldawa eýe bolýandygynyň aýdyň şaýady bolýarys.
Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde hormatly Prezidentimiziň aýdyň hem nurana ýoly bilen Türkmenistan döwletimiz parahatçylygyň, ynanyşmagyň, döredijilikli ösüşleriň Watanyna öwrüldi. Şeýle aýdyň hem nurana ösüş ýoly, hatda, her bir adama, tutuş dünýä halklaryna nusgalyk ýoldur. Eziz Diýarymyzyň abraý-mertebesini has-da belende göterýän hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleri üstünliklere beslensin!
Güljan SERDAROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Teswirler