Gazagystan ilkinji ýadro elektrik stansiýasynyň gurluşygyna başlaýar

Dünýädäki iň uly uran öndüriji ýurt bolan Gazagystan häzirki wagtda ilkinji ýadro elektrik stansiýasynyň gurluşygyna başlaýar. 12 milliard dollarlyk taslama Gazagystanyň energiýa landşaftyny hemişelik üýtgedip biler.

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew: “Bu etap çaltlaşdyrylmaly, sebäbi Gazagystan milli zerurlyklary kanagatlandyrmak üçin goşmaça energiýa kuwwatyny talap edýär” – diýip öz çykyşynda belläp geçdi.

Gazagystanyň raýatlary halk arasynda geçirilen ses berişlikde ýadro energiýasynyň ösüşini goldady. 2024-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda Gazagystanda bu mesele boýunça ses berişlik we sala salşyklary geçirildi. Saýlawçylaryň takmynan 70 göterimi ýadro desgasynyň gurluşygyny goldady. Bu desga Gazagystanyň günorta-gündogar böleginde, Balhaş kölüniň golaýynda gurlar.

Ýeri gelende belläp geçsek, Gazagystanda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ulanýan köp sanly energiýa desgasynyň bardygy mälimdir.

Mergen KERIMOW,

Türkmenistanyň Serhet institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok