Italiýanyň dizaýn sungatynyň ýaşlarda galdyran täsiri

Eziz Diýarymyzda halkymyz her bir ýyly uly umyt-arzuwlar we ruhubelentlik bilen garşy alýar. Parahatçylyk dörediji aýdyň maksatlary, ynsanperwer syýasaty bilen dünýäde giňden tanalýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary, köptaraply başlangyçlary bilen uly üstünlikleriň we ösüşleriň ýoly bilen öňe barýar. Aýratynam ýurdumyzda dünýäniň ugurdaş ýokary okuw mekdepleri bilen okuw-usuly, ylmy-döredijilik bilen bagly köpsanly halkara çäreleriň yzygiderli geçirilmegi tejribe toplamagyň esasy çeşmesi bolup durýar. Çünki Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly Watanymyzyň dünýä ýüzünde hoşniýetli, parahatsöýüjilikli gatnaşyklarynyň dabaralanmasy diýip aýtmak bolar.

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz Watanymyz dünýäniň döwletleri bilen hoşniýetli goňşuçylyk, türkmen Bitaraplygynyň ýörelgeleri esasynda halkara hyzmatdaşlygy netijeli ösdürýär we goňşy ýurtlary, şeýle-de dünýä döwletleri bilen özara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berýär.

12–14-nji fewral aralygynda Aşgabatda her ýyl Italiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan gurnalýan “Italýan dizaýn” günleri üstünliklere beslenýär. Şol medeni çäräniň çäklerinde 2025-nji ýylyň 12-nji fewralynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Italiýanyň dizaýneri Leandro Skalkonyň gatnaşmagynda ýokary okuw mekdebiniň talyplary üçin okuw sapagy geçirildi. Sapaga gatnaşan mugallymlar, talyplar gurluşykda jaýlaryň içki görnüşi üçin peýdalanylýan dizaýn we mebeliň bezegi barada birnäçe gyzykly maglumatlary özlerine aldylar. Sapagyň dowamynda ýaş dizaýnerler we binagärler italiýan dizaýny barada özüne gyzykly bolan soraglaryny bermek bilen birnäçe täze maglumatlary öwrendiler. Dizaýneriň gürrüň bermegine görä, onuň kompaniýasy Günbatar we Gündogar ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy esasynda ençeme binalaryň dizaýnyna gatnaşyp, dünýä giňişliginde Italiýanyň dizaýn sungatyny giňden ýaýratdylar.

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda geçirilen okuw sapagy talyp ýaşlaryň döredijiligine uly täsir edip, dizaýn sungatynyň kämilleşmegine we baýlaşmagyna uly itergi berer.

Jeren BALTAÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik
akademiýasynyň sungaty öwreniş
kafedrasynyň mugallymy.

Bägül HOJANYÝAZOWA,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik
akademiýasynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok