Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

B.H.SEÝIDOWA hakynda

Bahar Hojamuradowna Seýidowany Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasàry wezipesine bellemeli.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2025-nji ýylyň 7-nji fewraly.

* * *

Bahar Hojamuradowna SEÝIDOWA

1986-njy ýylda Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň Hojalyk geňeşliginde doguldy. 2009-njy ýylda Türkmen döwlet medeniýet institutyny çagalar we mekdep kitaphanalarynyň kitaphanaçysy hünäri boýunça tamamlady.

2002-nji ýylda Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň “Magtymguly” daýhan birleşiginde kärendeçi bolup zähmet ýoluna başlady. 2009 — 2012-nji ýyllarda Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň Medeniýet merkeziniň kitaphana bölüminiň kitaphanaçysy bolup işledi.

2012 — 2016-njy ýyllarda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň düzüminde dürli wezipelerde işledi. 2016-njy ýylyň aprelinden 2018-nji ýylyň ýanwary aralygynda Türkmenabat şäher häkimliginiň Raýat ýagdaýlarynyň namalar ýazgysy bölüminiň müdiri. 2018 — 2021-nji ýyllarda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Türkmenabat şäher komitetiniň bölümçe müdiri bolup işledi. 2021 — 2023-nji ýyllarda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Ylym, bilim, sanly ulgam, sport we medeniýet baradaky komitetiniň başlygy.

2023-nji ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Türkmenabat şäher komitetiniň bölümçe müdiri bolup işledi.

2023-nji ýylyň aprelinden 2025-nji ýylyň fewral aýynyň başyna çenli Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň deputaty, Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň başlygy.

“Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna”, “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medallary bilen sylaglanyldy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok