“Berkarar döwletiň zehinli ýaşlary” atly bäsleşik geçiriler

2025-nji “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly”  ýylynda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty tarapyndan Aşgabat şäheriniň tebigy we takyk ylmy ugurly dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda matematika okuw dersi boýunça “Berkarar döwletiň zehinli ýaşlary” atly bäsleşigi geçirilýär

Bäsleşige Aşgabat şäherinde ýerleşýän tebigy we takyk ylmy ugurly dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen orta mekdepleriniň XII synp okuwçylaryndan jemi 3 sany okuwçy gatnaşyp bilýär. Bäsleşige gatnaşyjylar barada degişli maglumatlary 2025-nji ýylyň aprel aýynyň 15-ine çenli  tertipnamanyň 1-nji goşundysyny dolduryp  tdydi.olimp.matematika@gmail.com elektron poçtasyna ugratmaly.

Bäsleşik geçirilende beriljek ýumuşlar guramaçylyk topary tarapyndan taýýarlanyp, matematikanyň algebra, ähtimallyklar nazaryýeti, sanlar nazaryýeti, algebra we analiziň başlangyçlary we stereometriýanyň bolümlerine degişli 5 (bäş) sany meselelerden ybarat bolar.

Bäsleşik türkmen, rus we iňlis dillerinde Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda 2025-nji ýylyň 30-njy aprelinde sagat 10:00-da   geçirilip başlanar.

Habarlaşmak üçin telefon belgiler: +99312486256, +99365623225, +99365404502

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok