Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti 2025-nji ýylyň mart aýynyň 15-den maý aýynyň 15-i aralygynda ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 12-nji synp okuwçylarynyň arasynda matematika, informatika, iňlis dili, jemgyýeti öwreniş we Türkmenistanyň taryhy derslerinden “Men geljegiň hünärmeni” atly integrirlenen olimpiadany geçirmekligi meýilleşdirýär.
Her bir gatnaşýan okuwçy (gatnaşyjy) 2025-nji ýylyň 1-nji fewralyndan 10-njy martyna çenli https://iuhd.edu.tm/competitions internet sahypasy arkaly hasaba alynmalydyr. Ders bäsleşigi öz işini HYYÖU internet sahypasy we moodle platformasy arkaly geçiriler.
Olimpiada şahsy bäsleşik görnüşde 2 ýa-da 3 tapgyrda geçirilýär:
1-nji tapgyr – saýlama tapgyr bolup oňa 12-nji synp mekdep okuwçylary ýa-da orta mekdebini tamamlanyna 1 ýyldan köp wagt geçmedik islendik raýat ählisi ganaşyp biler.
2-nji tapgyr – saýlama tapgyrda üstünlik çykyş eden gatnaşyjylar gatnaşyp biler.
3-nji tapgyr–2-nji tapgyrda üstünlik çykyş eden gatnaşyjylar Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde ýaryşarlar.
Habarlaşmak üçin:
Tel: +99312 398513; +99312398550
Email: iuhdolympiads@gmail.com
Teswirler